+993 243 4 96 10

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Türki döwletleriň raýatlaryna Türkiýede erkin zähmet çekmäge mümkinçilik döredildi

Türkiýede türki döwletleriň raýatlarynyň zähmet hukuklaryny kadalaşdyrýan Prezidentiň karary güýje girdi. Täze resminama laýyklykda, türki döwletleriň raýatlaryna ýurduň döwlet we hususy pudaklarynda — diňe harby we howpsuzlyk düzümlerinden başga edaralarda — erkin işlemäge hem-de zähmet çekmäge hukuk berilýär.

Zähmet rugsatnamasy, daşary ýurt raýatlarynyň Türkiýede işlemek üçin zerur kanunçylyk talaplaryna laýyk gelýän ýagdaýynda berilýär. Rugsatnama bermek baradaky karary Türkiýäniň Zähmet we durmuş taýdan goramak ministrligi degişli içeri işler hem-de daşary işler edaralary bilen bilelikde kabul edýär.

Rugsatnama alan daşary ýurt raýatlary ýurduň raýatlary bilen deň derejede degişli zähmet edaralarynda hasaba durmaga borçludyrlar. Olar şol edaralaryň ähli hukuklaryndan peýdalanyp bilerler, emma saýlawlara gatnaşmak we saýlanylmak hukuklaryna eýe däldirler.

Kanun şeýle hem bu topardaky daşary ýurtlylar üçin Türkiýäniň raýatlygyny almak talaby bolmazdan, ýurduň çäginde ýaşamak we işlemäge mümkinçilik döredýär. Şol bir wagtda olaryň syýasy hukuklary çäklendirilýär. Kanunyň ýerine ýetirilişine degişli ministrlikler gözegçilik eder, onuň durmuşa geçirilmeginiň tertibi bolsa Prezidentiň kararynda kesgitlenýär.

Çeşme: TRT

15.10.2025

BIZ BARADA

OTAGLAR

HYZMATLAR

 

 

BRONLAMAK

HABARLAR

HABARLAŞMAK

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi

+993 243 4 96 10

+993 243 6 06 05

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly

Scroll to Top