+993 243 4 96 10
hotelbeyikyupekyoly@gmail.com
"Dragon Oil" Türkmenistanda 468 million barrel nebit çykardy
Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň 25 ýylynyň dowamynda “Dragon Oil” kompaniýasy 468 million barrel nebit çykardy diýip, ENOC we “Dragon Oil” kompaniýalarynyň başlygy Saýed Mohammed Al Taýer çarşenbe güni Aşgabatda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” halkara maslahatynda belledi.
Al Taýeriň bellemegine görä, kompaniýa Türkmenistandaky taslamalaryna degişli döwürde 11 milliard dollardan gowrak maýa goýdy.
“Dragon Oil” Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda Türkmenistan bilen 2000-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk saklap gelýär. Hazar deňzinde, hususan-da, Çeleken şertnamalaýyn zolakda uglewodorod serişdelerini gazyp almak kompaniýanyň alyp barýan esasy iş ugrudyr.
2024-nji ýylda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Dragon Oil” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilmegi hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm tapgyry boldy. Bu resminama taraplaryň Hazar deňziniň türkmen bölegindäki 19-njy blok ýaly täze nebit ýataklaryny bilelikde ösdürmek maksadyny berkidýär.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025” atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi 24-nji oktýabra çenli dowam eder.
22.10.2025
BIZ BARADA
OTAGLAR
HYZMATLAR
BRONLAMAK
HABARLAR
HABARLAŞMAK
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi
+993 243 4 96 10
+993 243 6 06 05
hotelbeyikyupekyoly@gmail.com
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly