+993 243 4 96 10
hotelbeyikyupekyoly@gmail.com
Türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek "Halal Expo 2025" sergisine çagyrylýar
Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 26 — 29-njy noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek “Halal Expo 2025” sergisine çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Türkmen telekeçileriniň çärä gatnaşmagynyň maksady daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşler, milli ykdysadyýetiň kuwwaty, eksport we maýa goýum mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
“Halal Expo 2025” halal önümleri we öndürijileri mahabatlandyrmak üçin platforma bolar, bu ýerde türkmen kompaniýalary harytlaryny hödürläp we täze işewür gatnaşyklar gurup bilerler.
Türkmenistanyň milli pawilýonynyň guramaçylyk işlerine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan amala aşyrylýar.
11.11.2025
BIZ BARADA
OTAGLAR
HYZMATLAR
BRONLAMAK
HABARLAR
HABARLAŞMAK
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi
+993 243 4 96 10
+993 243 6 06 05
hotelbeyikyupekyoly@gmail.com
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly