+993 243 4 96 10

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Dünýä kompaniýalary “Türkmentel–2025” sergisinde ulag, aragatnaşyk, sanly tehnologiýalaryny tanyşdyrdylar

Aşgabat şäherinde geçýän “Türkmentel–2025” halkara sergisinde ulag, aragatnaşyk we sanly tehnologiýalar ulgamlarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gazanan üstünlikleri görkezildi.

Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmäge işjeň gatnaşýan “Huawei” we “Nokia”kompaniýalary bar. Monakonyň SSI we Fransiýanyň “Thales” kompaniýalarynyň diwarlyklarynda Türkmenistanyň ikinji emeli hemrasy “TürkmenÄlem 52°E” bilen baglanyşykly taslamalar tanyşdyryldy.

Germaniýanyň “Europeer Exchange GmbH” kompaniýasy tor aragatnaşyklary boýunça çözgütleri, ABŞ-nyň “Fortinet”, “Palo Alto Networks” we “Keysight” kompaniýalary bolsa kiberhowpsuzlyk we maglumat gorag tehnologiýalaryny sergilediler. Britaniýanyň “Wide Network Solutions” we Germaniýanyň “Kontron” kompaniýalary telekommunikasiýa çözgütlerini, BAE-niň “Integra City”, Hytaýyň “Zhejiang Dahua Technology” we “Hikvision” kompaniýalary “akylly şäher” we wideo gözegçilik ulgamyna degişli innowasiýalary bilen tanyşdyrdylar.

Ulag ulgamynda Hytaýyň “Zhengzhou Yutong Group”, “CRRC Ziyang”, “CAMC Engineering”, Germaniýanyň “Vossloh AG” kompaniýalary bilen bir hatarda, ABŞ-nyň “Logenix International” we “GAP CLK Worldwide” kompaniýalary logistika hyzmatlaryny hödürlediler. Türkiýäniň “Turkish Airlines” we Russiýanyň “S7” awiakompaniýalarynyň diwarlyklarynda bolsa häzirki zaman howa gatnawy çözgütleri we hyzmatlary tanyşdyryldy.

“Türkmentel–2025”sergisi Türkmenistanyň tejribe alyşmak we sanly hem-de ulag tehnologiýalaryny ösdürmek üçin möhüm platforma bolup durýandygyny tassyklady.

13.11..2025

BIZ BARADA

OTAGLAR

HYZMATLAR

 

 

BRONLAMAK

HABARLAR

HABARLAŞMAK

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi

+993 243 4 96 10

+993 243 6 06 05

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly

Scroll to Top