+993 243 4 96 10

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Türkmen we rumyn kompaniýalary ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Rumyniýa döwletiniň FAN kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga TSSE-niň gyzyklanama bildiren agzalary gatnaşdylar.

FAN kompaniýasynyň dolandyryjysy Staýku Marian bilen türkmen tarapy ulag-logistika ulgamynda işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini  ara alyp maslahatlaşdylar.

Rumyn kompaniýanysynyň wekiline “Eminli maslahat” hususy kärhanasynyň, “Halkara türkmen logistik” hojalyk jemgyýetiniň, “Zehinli ýoldaş” hususy kärhanasynyň, “Döwrebap ulag merkezi” hususy kärhanasynyň wekilleri özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler. Bu türkmen kompaniýalary ulag-logistika ulgamynda esasan hem Ýerwopa ýurtlary bilen işewür hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.

Duşuşygyň ahyrynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde bu çäräniň uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirildi.

22.11.2025

BIZ BARADA

OTAGLAR

HYZMATLAR

 

 

BRONLAMAK

HABARLAR

HABARLAŞMAK

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi

+993 243 4 96 10

+993 243 6 06 05

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly

Scroll to Top