+993 243 4 96 10

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Ýanwar-sentýabr: Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $363 milliondan geçdi

2025-nji ýylyň dokuz aýynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy 363,6 million ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5,4% ýokarlandy. Bu barada duşenbe güni halkara habar agentligi  “Kazinform” habar berdi.

Gazagystanyň Türkmenistana eksporty 221,7 million ABŞ dollaryna barabar bolup, importyň möçberi 141,9 million ABŞ dollaryna ýetdi.

Türkmenistanyň eksportynyň esasy bölegi tebigy gazdan, oba hojalyk önümlerinden hem-de binýatlyk himiki maddalaryndan ybaratdyr.

Gazagystanyň resmi statistika gullugynyň hasabatyna görä, ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 2024-nji ýylda 555,7 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Türkmenistan we Gazagystan özara söwda öýlerini Aşgabatda hem-de Almaty şäherlerinde açmagy ylalaşdylar.

24.11.2025

BIZ BARADA

OTAGLAR

HYZMATLAR

 

 

BRONLAMAK

HABARLAR

HABARLAŞMAK

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi

+993 243 4 96 10

+993 243 6 06 05

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly

Scroll to Top