+993 243 4 96 10

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Türkmenistan we Gazagystan göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Gazagystan göni howa gatnawlaryny ýola goýmak mümkinçiliklerini bilelikde öwrenmekligi maslahatlaşdylar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Astanada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça mälim etdi diýip, Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Gazagystan Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň bellemegine görä, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy durnukly ýagdaýda 500 million ABŞ dollaryndan ýokary bolup, taraplar haryt dolanyşygyny bir milliard ABŞ dollaryna ýetirmek boýunça çäreleri ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda bilelikdäki söwda öýlerini açmak hem-de özara söwdany artdyrmak boýunça Iş meýilnamasyny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Tokaýewiň sözlerine görä, 2025-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda ýurtlaryň arasyndaky ýük daşamalarynyň möçberi 1,5 million tonna ýetdi.

Döwlet Baştutanlary şeýle hem sebiti Owganystan arkaly Günorta Aziýa bilen birleşdirjek täze demir ýoluny çekmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan birnäçe resminamalar toplumyna gol çekildi.

25.11.2025

BIZ BARADA

OTAGLAR

HYZMATLAR

 

 

BRONLAMAK

HABARLAR

HABARLAŞMAK

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi

+993 243 4 96 10

+993 243 6 06 05

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly

Scroll to Top