+993 243 4 96 10
hotelbeyikyupekyoly@gmail.com
Ýanwar-oktýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy $876,8 milliondan geçdi
2025-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi $876,8 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda habar berilýär.
Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 753,2 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 111,062 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
Degişli döwürde Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 66,5 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,8 milliard ABŞ dollary möçberinde ýa-da 21,5 göterim ýokarlandy.
2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň açylyş dabarasy geçirildi.
01.12.2025
BIZ BARADA
OTAGLAR
HYZMATLAR
BRONLAMAK
HABARLAR
HABARLAŞMAK
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi
+993 243 4 96 10
+993 243 6 06 05
hotelbeyikyupekyoly@gmail.com
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly