+993 243 4 96 10
hotelbeyikyupekyoly@gmail.com
Türkmenistan bilen Ýaponiýa göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdy
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça işleri işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu barada şenbe güni Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çap edilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň arasynda geçirilen sammitiň jemleri baradaky Bilelikdäki metbugat beýanatynda habar berilýär.
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge hem-de ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döreder.
Gepleşikleriň dowamynda sebitara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň dünýä bazarlaryndaky orunlaryny has-da giňeltmek maksady bilen Transhazar halkara ulag geçelgesi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maslahatlaşyldy.
Ozal Türkmenistan bilen Özbegistan göni howa gatnawlaryny gaýtdan dikeltmek barada hem ylalaşyk gazandylar.
22.12.2025
BIZ BARADA
OTAGLAR
HYZMATLAR
BRONLAMAK
HABARLAR
HABARLAŞMAK
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi
+993 243 4 96 10
+993 243 6 06 05
hotelbeyikyupekyoly@gmail.com
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly