+993 243 4 96 10

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy Tatarystanyň Baştutany wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Rustam Minnihanowa saýlawlarda ýeňiş gazanyp, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

“Ses berlişigiň netijeleri Tatarystanyň ähli halkynyň Siziň çekýän ýadawsyz zähmetiňize we Size goýýan hormatynyň nyşanydyr” diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi we bu möhüm wakanyň Tatarystanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, onuň raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti  Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Tatarystanda saýlawlar 14-nji sentýabrda geçirildi. Rustam Minnihanow 2 milliondan gowrak ses alyp, saýlawçylaryň 88.09% -ni düzdi. Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysynyň wezipesine kabul edilmeginiň dabarasy 19-njy sentýabrda geçirilýär, diýip “Tatarystan” Döwlet teleraadiokompaniýasy habar berýär.

17.09.2025

BIZ BARADA

OTAGLAR

HYZMATLAR

 

 

BRONLAMAK

HABARLAR

HABARLAŞMAK

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi

+993 243 4 96 10

+993 243 6 06 05

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly

Scroll to Top