+993 243 4 96 10

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Türkmenistanyň daşary işler ministri ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 22-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda maýa goýumlary we tehnologik ugurlar aýratyn üns merkezinde boldy.

Duşuşykda ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalaryny birleşdirýän we işewür gatnaşyklaryň giňelmegine ýardam berýän “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle-de, taraplar özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Waşington şäherinde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşyk geçirdi.

22.09.2025

BIZ BARADA

OTAGLAR

HYZMATLAR

 

 

BRONLAMAK

HABARLAR

HABARLAŞMAK

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi

+993 243 4 96 10

+993 243 6 06 05

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly

Scroll to Top