+993 243 4 96 10
hotelbeyikyupekyoly@gmail.com
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Nýu-Ýork şäherinde bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisine gatnaşdy. Bu barada duşenbe güni “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi.
Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkdaky Jon Kennedi adyndaky halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde Döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň resmi wekilleri garşyladylar.
Sessiýanyň ýokary derejeli mejlisini Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň başlygy Annalena Berbok açdy. Ýubileý sessiýanyň dowamynda dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, BMG-niň we halkara maliýe ulgamynyň gurluşyny kämilleşdirmek, şeýle hem klimatyň üýtgemegine we beýleki häzirki zaman howplara garşy göreşmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan öň Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasy üçin öz ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.
22.09.2025
BIZ BARADA
OTAGLAR
HYZMATLAR
BRONLAMAK
HABARLAR
HABARLAŞMAK
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi
+993 243 4 96 10
+993 243 6 06 05
hotelbeyikyupekyoly@gmail.com
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly