+993 243 4 96 10

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Eýran Türkmenistandan we Russiýadan tebigy gazy import etmegi meýilleşdirýär

Eýran Türkmenistandan we Russiýadan tebigy gazy satyn almak boýunça gepleşikleri geçirýär. Bu barada Eýranyň nebit ministriniň orunbasary we Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Said Tawakkoli metbugat maslahatynda  mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Onuň bellemegine görä, gyş möwsüminde Eýran tebigy gaz ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar, bu ýetmezçilik bir gije-gündizde 300 million kub metre, ýiti wagtynda 350–400 million kub metre ýetýär. Şunuň bilen baglylykda, Eýran gaz ýetmezçiligi we gaz üpjünçiligi meselelerini çözmek üçin ýörite maksatnamalary durmuşa geçirýär.

Içerki islegleri nazara almak bilen bir hatarda, Eýran gaz eksportynyň möçberini geçen ýyldaky derejede saklamagy meýilleşdirýär. Hususan-da, Eýran 2026-njy ýyla çenli Türkiýä gazy eksport etmegi dowam eder we şertnamanyň möhletini uzaltmak üçin Türkiýe bilen gepleşikleri alyp barýar.

Eýran tebigy gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär — olaryň möçberi takmynan 34 trillion kub metr bolup, 22 ýatakdan günde 1 milliard kub metrdan gowrak gaz çykarylýar.

29.09.2025

BIZ BARADA

OTAGLAR

HYZMATLAR

 

 

BRONLAMAK

HABARLAR

HABARLAŞMAK

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi

+993 243 4 96 10

+993 243 6 06 05

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly

Scroll to Top