+993 243 4 96 10
hotelbeyikyupekyoly@gmail.com
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler
2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatynda belledi diýip, Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy şenbe güni habar berdi.
Ilçi ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň işjeň ösýän şertlerinde gazanylan oňyn depgini saklamagyň we berkitmegiň möhümdigini belläp, şu mejlisiň hem bu ugurda giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
“Biziň döwletlerimiziň ýolbaşçylarynyň arasynda ynamly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy aýratyn guwandyryjy ýagdaý bolup, ol ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da üstünlikli ösdürmäge berk kepillik berýär” diýip, diplomat öz gutlagynda belledi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi 2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Moskwada geçirildi.
30.09.2025
BIZ BARADA
OTAGLAR
HYZMATLAR
BRONLAMAK
HABARLAR
HABARLAŞMAK
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi
+993 243 4 96 10
+993 243 6 06 05
hotelbeyikyupekyoly@gmail.com
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly