+993 243 4 96 10

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Türkmenistanyň “EKSPO-2025” sergisindäki pawilýonyna iki milliondan gowrak myhman gezelenç etdi

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyna iki milliondan gowrak adam baryp gördi. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Pawilýonyň üç gatly binasy mowzuklaýyn ýörelge boýunça gurlup, her bir gat Türkmenistanyň belli bir aýratynlygyny, tebigatyndan we taryhyndan başlap häzirki döwürde gazanan üstünliklerini hem-de medeni däplerini açyp görkezýär.

Guramaçylar pawilýonyň ýokary myhman kabul ediş derejesiniň ähmiýetini hem-de halklaryň özara düşünişmäge we tejribe alyşmaga mümkinçilik berýändigini bellediler.

“EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisi 13-nji apreldan 13-nji oktýabra çenli Osakanyň Ýumesima emeli adasynda “Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” şygary astynda geçirilýär.

01.10.2025

BIZ BARADA

OTAGLAR

HYZMATLAR

 

 

BRONLAMAK

HABARLAR

HABARLAŞMAK

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi

+993 243 4 96 10

+993 243 6 06 05

hotelbeyikyupekyoly@gmail.com

Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly

Scroll to Top