+993 243 4 96 10
hotelbeyikyupekyoly@gmail.com
TDHÇMB "Şahsy otag" ulgamyny netijeli ulanmak boýunça okuw sapagyny geçirer
“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” hem-de “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy hödürleýän hyzmatlarynyň aýdyňlygyny, elýeterliligini we netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen häzirki zaman sanly çözgütleri yzygiderli ornaşdyrmagyň çäklerinde “Şahsy otag” atly täze müşderi ulgamyny işe girizdi.
Bu ulgamyň mümkinçilikleri:
- hasaba ýazylmak;
- şertnamalaryň ýagdaýyny, hasaplaşyklary, maliýe gözegçiligini, habarnamalary çalt görmek üçin dolandyryş paneli;
- hasaby dolandyrmak, habarlaşmak üçin maglumatlary täzelemek, bildiriş kanallaryny dolandyrmak, hasabyň howpsuzlygyny sazlamak.
Şunuň bilen baglylykda, Birža öz müşderilerine “Şahsy otag” ulgamy netijeli ulanmagyň tertibi boýunça tanyşdyryş okuw sapagyny geçirmegi we bu boýunça ýüze çykjak soraglara jogap bermegi meýilleşdirýär. Geçiriljek senesi: 15.10.2025ý. Sagat: 11:00 – 13:00 aralygynda
Geçiriljek ýeri: Arçabil şaýoly 52, Türkmenistanyň Söwda toplumynyň 2-nji gaty (uly mejlisler zaly).
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy
13.10.2025
BIZ BARADA
OTAGLAR
HYZMATLAR
BRONLAMAK
HABARLAR
HABARLAŞMAK
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çägi
+993 243 4 96 10
+993 243 6 06 05
hotelbeyikyupekyoly@gmail.com
Copyrigt © 2025. Ähli Hukuklary Goragly